Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat şäheriniň şäher seýilgähine ýaşyl totyguşlar sürüsiniň uçup gelendigi görüldi

11:5821.12.2023
0
126685

Türkmenistanyň paýtagtynda köp sanly ýaşyl totyguşyň agşamlaryna Atamyrat Nyýazow adyndaky seýilgähe uçup gelýändigine şaýat bolundy.

«Turkmenportal»-yň okyjysy Mariýa Ladysewanyň düşüren suratynda 10 sany guşuň bardygyny görmek bolýar. Mariýanyň gözegçiliklerine görä, bu ýerler üçin ekzotik bolan bir süri totyguş tomus aýynyň ahyrynda seýilgähe gelip başlady we olar bu ýerde özlerini diýseň rahat duýýarlar. Mariýa bu ýerde guşlaryň owadan mäkiýanyň ünsüni çekmek üçin «toýdan öňki» bäsdeşlige girýändiklerini belleýär.

Ilkinji gezek 2021-nji ýylda Aşgabatda göze ilen totyguşlaryň eýýäm sowuk gyşlara garamazdan paýtagtda ýylboýy ýaşaýan uly guş jemgyýetine öwrülendigine ynanýarys. Görnüşi ýaly, guşlar eýýäm şäher gurşawyna öwrenişdiler we işjeň köpelýärler.

2021-nji ýylda biz paýtagtyň seýilgählerinde 16—18 totyguşdan ybarat süriniň Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň işgäri Aleksandr Bagramow tarapyndan görlendigini habar beripdik. Ekolog bularyň Krameriň totyguşlarydygyny — gyzyl çüňkli ýaşyl totyguşlarydygyny öňe sürüpdi.

«Turkmenportal» şäherdäki guşlaryň ýagdaýyna gözegçilik etmegi dowam etdirmek isleýär we olary yzygiderli görýänleriň hemmesine redaksiýa — bize habar bermegini haýyş edýär. Şeýle hem biz ornitologlaryň Aşgabatda tropik guş jemgyýetiniň döremegi we ösüşi baradaky pikirleri bilen gyzyklanýarys.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň