Soňky habarlar

Arhiw

Meşhur Ýewropa brendleriniň dükanlary Aşgabatdaky «Altyn Zaman» söwda merkezinde alyjylara garaşýar

11:2413.12.2023
0
31128

Aşgabatdaky «Altyn Zaman» söwda merkezinde ýerleşýän meşhur Ýewropa brendleri alyjylary söwda etmäge çagyrýarlar.

«Altyn Zamanda» «FABI», «Lacoste», «Benneton», «Zegna», «Mareschi», «Paul», «Zilli», «Stefano Richi», «DG» we beýleki brendleriň dükanlary ýerleşýär. Bu ýerde durmuşyň islendik ýagdaýlary – iş duşuşyklary ýa-da dynç alyş, gündelik durmuş ýa-da dabaralar üçin ajaýyp keşpleri döretmäge ýardam etjek egin-eşikleri, aýakgaplary hem-de esbaplary saýlap almak mümkindir.

Täze ýylyň öňýanyndaky möwsümde ähli müşderilere söwda üçin sowgatlar we ýakymly arzanladyşlar garaşýar.

«Altyn Zaman» söwda merkezi – Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin özüne çekiji merkezdir. Harytlaryň baý görnüşleri hatda tejribeli alyjylary hem begendirer» diýip, söwda toplumynyň wekili gürrüň berdi.

«Altyn Zaman» söwda merkezine A.Nowaýy köçesi boýunça her gün sagat 10:00-dan 20:00-a çenli baryp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • telefonlar: (+99312) 927733, (+993 64) 055019, (+993 64) 014543;
  • sosial ulgamdaky sahypasy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň