Bütin dünýäde belli ispan opera aýdymçysy we dirižýor Plasido Domingo gazagystanly aýdymçy Dimaş Kudaýbergene bilelikde aýdym ýazgy etmegi teklip etdi. Bu barada «Tengri Life.kz» habar berýär.
«Maňa sen barada agtygym gürrüň berdi. Ol siziň ýazgylaryňyzy iberdi, ol hakyky muşdagyňyz. Agtygym häzir 18 ýaşynda, deprekçi. Ol sizi «YouTubede» görüpdir. Ol nädip şeýle aýdym aýdyp bolýandygyna haýran galypdyr, sizde alty oktawanyň bardygyny gürrüň berdi. Emma geň galaýmaly, size hiç kim üns bermeýär» diýip, Plasido aýtdy.
82 ýaşly opera ýyldyzy: «Biz bilelikde ajaýyp aýdym döredip bileris. Geliň, taýýarlyk geçeliň» diýip, Kudaýbergene teklip etdi diýlip, habarda aýdylýar.
Şeýle-de okaň: