Habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berilmegine görä, türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheri boýunça iş saparynyň dowamynda şäheriň Baş baýdak meýdançasyna bardy. Bellenilişi ýaly, bu ýerde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli giň möçberli dabaralar ýaňbaňlandyrylar.
Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäherde ilkinji gezek belleniljek Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dabaralaryň ýokary derejede geçirilmelidigini belläp, bu ýerde belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlary guramak, Täze ýyl baýramçylygynyň dabaralarynyň türkmen toýlaryna mahsus ýagdaýda köpöwüşginli çykyşlar bilen utgaşmagyny üpjün etmek meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.
Täze ýyl baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde şäher myhmanhanalarynda hyzmatlaryň ýokary derejesiniň ýola goýulmalydygy barada aýdyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde guraljak baýramçylyk dabaralaryna ýurduň dürli künjeklerinden geljek myhmanlar üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigine ünsi çekdi. Bu ýerde guralýan ähli çäreleriň, söwda we hyzmatlar medeniýetiniň häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede bolup, olaryň baýramçylyga gatnaşmaga gelen myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrmalydygyny belledi.
Halk Maslahatynyň Başlygy guralýan baýramçylyk dabaralarynyň, ulular üçin bolşy ýaly, ösüp gelýän ýaş nesiller üçin hem şatlykly pursatlara beslenmelidigini, şol bir wagtyň özünde, şäheriň ähli çäklerinde göçme söwdalaryň guralyp, olarda sowgatlyk we azyklyk önümleriň köp görnüşleriniň hödürlenmegi, söwdanyň medeniýetiniň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelmegi bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdine örän jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini aýtdy we degişli tabşyryklary berdi.