Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2023: AFK-daky duşuşyklaryny tamamlan «Ahal» bilen «Merw» özara güýç synanyşar

11:0308.12.2023
0
18273

AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky göreşini tamamlan «Ahal» ýene-de ähli ünsüni çempionata we Kubok ýaryşyna gönükdirýär. Serdar Geldiýewiň şägirtleri şu gün Ýokary liganyň 12-nji tapgyrynyň çäginde Marynyň «Merwini» kabul ederler.

Paýtagtdaky «Nusaý» stadionynda geçiriljek duşuşyk sagat 14-de başlanar. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy duşuşygyň baş emininiň paýtagtly hünärmen Resul mämmedow boljakdygyny habar berdi.

18 duşuşykda 26 utuk toplap bilen «Ahal» häzir ýaryş tertibiniň bäşinji basgançagynda. Birinji aýlawda şowsuz çykyş eden topar indi ikinji we üçünji aýlawdaky ýeňişleri bilen ýitiren utuklaryň öwezini dolmak isleýär. «Ahal» şu gün ýeňiş gazanyp bilse, dördünji orundaky «Aşgabat» bilen aralygy 1 utuga çenli ýygrar.

21 duşuşykda 13 utuk toplap bilen «Merw» bolsa ýaryş tertibiniň iň soňky basgançagynda barýar. Topar şu gün ýeňiş gazanyp bilse, sekizinji orna göterilip, ýedinjilikdäki «Energetik» bilen hem arany 1 utuga çenli ýygrar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň