Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan ECOSOC Ilat we ösüş komissiýasyna saýlandy

17:3107.12.2023
0
31278

BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistan Ilat we ösüş komissiýasyna 2024 — 2028-nji ýyllar üçin biragyzdan agzalygyna saýlandy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Geňeşiň agzalarynyň goldawy netijesinde Türkmenistan häzirki wagtda komissiýanyň agzasy hökmünde yzygiderli iki möhletiň işlerini ýerine ýetirýär: 2016 — 2020 we 2020 — 2024-nji ýyllar.

Habarda bellenilişi ýaly, Ilat we ösüş komissiýasy (CPD) ECOSOC-yň on sany komissiýasynyň biri bolup, ol Geňeşiň ilat we statistika pudagyndaky meseleler we tendensiýalar, bu ugurda milli we sebit maksatnamalaryna we meýilnamalaryna ählumumy strategiýalaryň integrasiýasy ýaly meseleler boýunça gözegçilik edýän, utgaşdyryjy we maslahat beriji edaradyr.

Komissiýanyň hemişelik sekretariaty BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamentiniň ilat bölümi bolup durýar.

Türkmenistanyň Statistika boýunça döwlet komitetiniň ýolbaşçylary her ýyl Nýu-Ýorkda geçirilýän komissiýanyň mejlislerine gatnaşýarlar diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň