Soňky habarlar

Arhiw

«Time» žurnaly aýdymçy Teýlor Swifti ýylyň adamy diýip yglan etdi

10:0907.12.2023
0
15646
«Time» žurnaly aýdymçy Teýlor Swifti ýylyň adamy diýip yglan etdi
Surat: golos-naroda.kz

«Time» amerikan neşiri ýylyň adamy hökmünde aýdymçy zenan Teýlor Swifti yglan etdi, ol reýtingde Russiýanyň we Hytaýyň Liderleri Wladimir Putinden we Si Szinpinden, Britaniýanyň Patyşasy Karl III hem-de Barbi gurjakdan ozdurdy diýip, «Euronews» habar berýär.

«Bu baýrak köplenç döwlet baştutanlaryna ýa-da senagat läheňlerine gowşurylýar. Emma aýdymçy Swift bir wagtda öz ykbalynyň hem ýazyjysy, hem gahrymany bolmagy başaran seýrek adam» diýip, «Time» žurnalynyň baş redaktory Sem Jeýkobs habarçylara gürrüň berdi.

«Time» žurnaly ýylyň adamyny 1927-nji ýyldan bäri saýlaýar. Bu ada Franklin Ruzweltden başlap, ABŞ-nyň ähli Prezidentleri mynasyp boldy.

Neşir Russiýadan iki döwlet ýolbaşçysyny – Mihail Gorbaçýewi (1987, 1989) we Wladimir Putini (2007) ýylyň adamy diýip yglan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň