Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan «Aýtmatow we teatr» atly VI halkara teatr festiwalyna gatnaşar

13:3905.12.2023
0
33268

Gyrgyz Respublikasynyň halk ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli 2023-nji ýylyň 7 — 12-nji dekabry aralygynda Bişkek şäherinde «Aýtmatow we teatr» atly VI halkara teatr festiwaly geçiriler. Bu halkara festiwala türkmen artistleri hem gatnaşar diýlip, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Halkara festiwala ýurduň adyndan wekilçilik etjek Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary halkara festiwalyň çäklerinde Çingiz Aýtmatowyň eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Ak gämi» atly sahna eseri bilen çykyş ederler.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygynda halkara teatr festiwalyna gatnaşjak wekiliýet 6 — 13-nji dekabr aralygynda Gyrgyz Respublikasynda iş saparynda bolarlar.

Belläp geçsek, türkmen teatrlarynyň sahnasynda Çingiz Aýtmatowyň eserleri esasynda birnäçe oýunlar sahnalaşdyrylyp tomaşaçylara ýetirildi. Gyrgyz ýazyjysynyň «Ak gämi» atly sahna eseri boýunça Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda hem adybir oýun sahnalaşdyryldy. Türkmenistanlylaryň gyzgyn söýgüsini gazanan sahna eseri şu ýylyň 14 — 16-njy noýabrynda Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinde geçirilen «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwala gatnaşyjylara görkezildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň