Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen gazy Yragyň alty sany elektrik stansiýasyny doly üpjün eder

13:3605.12.2023
0
24399
Türkmen gazy Yragyň alty sany elektrik stansiýasyny doly üpjün eder
Surat: turkmengaz.gov.tm

Yrak her gün Türkmenistandan 25 million kub metr tebigy gazy import etmegi meýilleşdirýär. Bu mukdar ýurduň alty sany elektrik stansiýasynyň zerurlygyny 100 göterim kanagatlandyrmak üçin ýeterlikdir.

Bu barada Yragyň Elektroenergetika ministrliginiň merkezi sebitdäki elektrik energiýasyny öndürmek boýunça baş direktory Ali Ahmed Yragyň Habarlar gullugyna beren interwýusynda habar berdi.

«Premýer-ministr Muhammet Şiýa as-Sudanyň görkezmesine laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Eýranyň çägi arkaly her gün 25 million kub metr goşmaça mukdarda tebigy gaz import edilmegi barada gepleşik geçirmek üçin energetika ministri Ziýad Ali Fadeliň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet döredildi» diýip, Ali Ahmed belledi.

Ali Ahmediň aýtmagyna görä, bu mukdar elektrik energiýasyna bolan barha artýan islegi kanagatlandyrmak üçin niýetlenendir.

Bellenilişi ýaly, Energetika ministrliginiň resmi wekiliniň sözlerine görä, türkmen tebigy gazy Mansuriýa, Al-Sadr we Bismaýa stansiýalary hem-de Bagdadyň günortasyndaky stansiýany, şeýle-de Al-Kuds we Al-Taji stansiýalary üpjün eder.

Ozal habar berşimiz ýaly, noýabr aýynyň başynda Aşgabatda energetika ministri Ziýad Ali Fadeliň ýolbaşçylygyndaky Yrak wekiliýeti bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Gepleşikleriň netijesinde türkmen tebigy gazyny Yraga ibermek boýunça ylalaşyga gol çekildi.

Ylalaşyga laýyklykda, 5 ýylyň dowamynda ýyllyk 9 milliard kub metr türkmen «mawy ýangyjyny» Eýranyň çägi arkaly SWOP görnüşinde Yraga ibermek göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň