Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Nebitmaş» döwlet kärhanasynda keramiki farfor izolýatorlaryny öndürmek üçin Ýewropanyň öňdebaryjy enjamlary oturdyldy

11:5004.12.2023
1
36015

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Nebitmaş» döwlet kärhanasy ŞF-20 izolýatorlarynyň önümçiligini ýola goýdy. Bu önümiň öndürilmegine kärhanada Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «EСTkema» kompaniýasynyň ýokary derejede berk bolan keramiki toýuny almaga niýetlenen häzirki zaman enjamlar toplumynyň gurnalmagy ýardam etdi.

«Nebitmaş» DK-nyň hünärmeniniň belleýşi ýaly, nemes kompaniýalarynyň enjamlary dürli görnüşli keramiki izolýatorlary, şol sanda diametri 120-350 mm bolan farfor izolýatorlaryny öndürmek üçin niýetlenen ýokary dykyzlykly keramiki toýuny öndürmäge mümkinçilik berýär. Bu önümlere ýurduň elektroenergetika pudagynda uly isleg bildirilýär.

ŞF-20 ýokary woltly howa elektrik geçiriji liniýalarynda simleri berkitmek we izolirlemek üçin ulanylýar.

Häzirki zaman enjamyny gurnamak işine daşary ýurtly hünärmenler gatnaşyp, enjamy ýola goýmaga ýardam etdiler, şeýle hem peýdaly maslahatlaryny berdiler we «Nebitmaş» DK-da öndürilýän elektrotehniki önümler babatda pikirlerini paýlaşdylar.

«Nebitmaş» döwlet kärhanasy önümçilik sehlerini dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynda öndürilen ýokary tehnologiýa enjamlary bilen üpjün etmek işlerine aýratyn ähmiýet berýär, bu bolsa önümçilik işlerini döwrebaplaşdyrmaga hem-de milli ykdysadyýetiň öňdebaryjy pudaklary üçin ýokary hilli önümleri öndürmäge ýardam edýär.

«Nebitmaş» DK-nyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., 2008-nji köçe, 6-njy jaý.

Telefon belgileri: (+993 65) 69 91 64; (+993 12) 76 02 43; 76 03 69.

Faks: (+993 12) 76 02 25.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň