«Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: III möwsümiň IV saýlama oýny 20-nji dekabrda geçiriler

18:1602.12.2023
0
27890

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň garamagyndaky Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň guramagynda ýokary synp mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň IV saýlama oýny 20-nji dekabrda bolar. Bu barada institutyň metbugat gullugy habar berdi.

Ozal habar berşimiz ýaly, «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsümi «Beýik Magtymguly Pyragynyň taglymaty – umumadamzat gymmatlyklarynyň milli şamçyragy» atly umumy şygar bilen geçirilýär. Bäsleşigiň şu möwsümdäki IV saýlama oýnunyň temasy bolsa «Osman imperiýasynyň XVII – XVIII asyrlardaky halkara gatnaşyklary we daşary syýasaty» diýlip atlandyryldy. Şunuň bilen baglylykda, oýna gatnaşjak okuwçylara iirmfa.edu.tm saýtynyň bildirişler bölüminde ýerleşdirilen ýörite edebiýatlar boýunça taýýarlanmak maslahat berilýär.

Ýeri gelende bellesek, «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigi 2021-nji ýyldan bäri yzygiderli geçirilip gelinýär. Bäsleşigiň esasy maksady türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň arasyndan diplomatiýa hünärine höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan ybarat. Häzirki wagtda bu bäsleşigiň I möwsüminiň ýeňijileriniň we gatnaşyjylarynyň 9-sy, II möwsüminiň ýeňijileriniň we gatnaşyjylarynyň 11-si Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bilim alýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň