Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň wekili Jiddadaky geçirilen halkara media forumyna gatnaşdy

16:3630.11.2023
0
20244

Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň wekili Saud Arabystanynyň Jidda şäherinde geçirilen halkara media forumyna gatnaşdy. Bu barada Halkara maglumat merkezi habar berdi.

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Maglumat agentlikleri bileleşigi tarapyndan guralan bu çärä dünýäniň dürli künjeklerinden 50-den gowrak habarlar gullugynyň wekilleri, alymlar, ministrler we syýasaty öwrenijiler gatnaşdy.

Forumyň dowamynda Türkmenistanyň wekili daşary ýurt teleradio kompaniýalarynyň, halkara media guramalarynyň we teleradioýaýlym birleşikleriniň wekilleri bilen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň geljegini ara alyp maslahatlaşdy.

Forumyň guramaçylary jogapkärli we deňagramly Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ösüşine ünsi jemlediler. Medeni aýratynlyklary saklamakda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň esasy orny we maglumat bilen işlemekdäki ýalňyşlyklary has çuňňur seljermegiň ähmiýeti nygtaldy. Şeýle hem galp maglumatlary ýaýratmak meselesine, dürli dinler bilen medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge aýratyn üns berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň