Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Pakistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi

14:1530.11.2023
0
29528

Pakistan Yslam Respublikasynda beýik türkmen şahyrynyň doglan gününiň 2024-nji ýylda giňden belleniljek 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragy we häzirki zaman dünýäsindäki halklaryň dostlugy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahat Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy tarapyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Parahatçylygy öwrenmek we diplomatiýasy instituty bilen bilelikde guraldy.

Türkmen Daşary işler ministrliginiň web sahypasynda bellenilişi ýaly, maslahatda Pakistanyň Federal miras we medeniýet ministri Saýed Jamal Şah çykyş edip, Magtymgulynyň baý edebi mirasy dogrusynda belledi we ýurtlaryň arasynda medeni hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Mowlamow dünýä edebiýatynyň hazynasyna goşulan Magtymguly Pyragynyň eserlerini öwrenmegiň halkara dialoga goşant goşjakdygyny nygtady.

Maslahata gatnaşyjylar çäräniň ähmiýetini bellediler we ikitaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygy güýçlendirmek baradaky meýillerini mälim etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň