Soňky habarlar

Arhiw

Lebaply şalyçylar 47732 tonnadan gowrak hasyl ýygnadylar

12:0630.11.2023
0
21680

Lebaply şalyçylar öňde goýlan belent sepgidi eýelediler. Olar 10200 gektar meýdanda ýetişdirilen bereketli ekinden 47200 tonnanyň ýerine 47732 tonnadan gowrak hasyly ýygnadylar. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda şalynyň galan hasylyny ýygnamak işi gyzgalaňly dowam edýär diýlip, welaýat neşirinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Kerki, Halaç, Hojambaz, Köýtendag, Çärjew, Dänew, Darganata etraplarynyň ussat şalyçylary pellehana ilkinjileriň hatarynda geldiler. Şu ýyl ekin meýdanlarynda şalynyň ýokary hasyl berijiligi bilen tapawutlanýan «Nukus-2» görnüşi ýetişdirildi.

Ýetişdirilen hasyly ýygnamakda daşary ýurtlardan satyn alnan kuwwatly tehnikalaryň güýjünden netijeli peýdalanyldy. Orak möwsüminde «СLAAS TUСANO-430», «Keýs» ýaly tehnikalaryň 166-sy ulanyldy diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň