Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan nebit we gaz kompaniýalaryna çig mallary gaýtadan işlemek hukugyny berdi

11:1230.11.2023
0
22208

Ozal ygtyýarnamalarynyň şertleri boýunça diňe Türkmenistanda nebit we gaz çykarmaga rugsat berlen kompaniýalar indi çig mallary gaýtadan işläp, nebithimiýa we gazhimiýa önümlerini, şol sanda suwuklandyrylan tebigy gaz alyp bilerler diýip, «Trend.az» habar berýär.

Bu karar «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen baglanyşykly bolup durýar.

Şol bir wagtyň özünde kompaniýalar nebithimiýa we gazhimiýa önümlerini satmak üçin salgyt tölemekden boşadylar. Olar diňe «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 48-nji maddasynda göz öňünde tutulan salgytlary tölemeli bolarlar.

Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistanyň nebit-gaz pudagy dünýä energetika bazaryndaky ornuny berkitmek üçin strategik çäreleri görüp, işjeň ösmegini dowam etdirýär. Döwlet goldawy we innowasiýa çemeleşmeleri infrastrukturany gowulandyrmaga hem-de energiýa çeşmelerini öndürmegiň, gaýtadan işlemegiň we daşamagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga kömek edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň