Top.Mail.Ru

Arhiw

Alymlar mamontlary köpeltmegi söz berýärler

10:4520.11.2023
0
16432

Britaniýanyň biotehnologiýa kompaniýasynyň alymlary ýüňli mamontlary gaýtadan ýaşaýşa getirmekçidikilerini habar berdiler. Olar munuň üçin baky doňaklykdan tapylan bu gadymy haýwanyň genetiki materiallaryny aziýa pilleriniň DNK-sy bilen çaknyşdyrmakçy bolýarlar diýip, «MIR 24» ýazýar.

Alymlar ilkinji mamont çagasyny 2028-nji ýylda almakçy bolýarlar, şunda hünärmenler taslamanyň jikme-jikliklerini ylmy habaryň gizlinligi diýen sebäp bilen habar bermediler. Emma habarçylara biotehnologlaryň mamontyň ýeterlik ösen embrionyny enelik piliň bedenine oturtmak isleýändiklerini anyklamak başartdy.

Kompaniýanyň başlygy täze dünýä injek mamontyň aýazdan gorkmajakdygyny, onuň ýowuz şertli tundra tokaýlarynda emin-erkin ýaşap biljekdigini aýdýar.

Emma bu pikir eýýäm ylmy jemgyýetçilik tarapyndan tankyt edildi. Olar öň bar bolan ekoulgama emeli ýol bilen giriziljek täze görnüşiň ýaramaz ekologik netijelere getirip biljekdigini aýdýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň