Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda IV halkara teatr festiwalynyň ýapylyş dabarasy boldy

11:3917.11.2023
0
24737

Düýn Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinde 14 — 16-njy noýabr aralygynda geçirilen «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň ýapylyş dabarasy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Halkara festiwalyň ýapylyş dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow festiwala gatnaşan ýurtlaryň teatrlarynyň döredijilik toparlaryna ýörite diplomlarydyr kuboklary gowşurdy.

Soňra halkara festiwala gatnaşan teatrlaryň ýolbaşçylary hem çykyş edip, bu döredijilik forumynyň ýokary guramaçylyk derejesinde üstünlikli geçirilendigini bellediler.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artisti Şemşat Kasymowanyň ýerine ýetiren «Teatr — meniň ykbalym» atly çeper okaýşy, şeýle-de türkmen teatrlarynyň artistleriniň görkezen edebi-sazly kompozisiýasy medeni çärä özboluşly bezeg berdi.

«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň ýapylyş dabarasy Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetiren «Hoş gal, festiwal!» atly aýdymy bilen jemlenip, bu aýdym dostlugyň owazy bolup ýaňlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň