Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

ITEA IT-akademiýasy «UX Designer kim» mowzugy boýunça Açyk gapylar gününi geçirýär

10:0916.11.2023
0
8523

ITEA Halkara IT akademiýasy grafiki dizaýnlary döretmek bilen gyzyklanýanlaryň hemmesini «UX Designer kim» mowzugy boýunça Açyk gapylar gününe çagyrýar.

Çärä gatnaşyjylar diňe bir bu soraga jogap alman, eýsem, web-saýtlar, ykjam programmalar, programma üpjünçiligi we oýunlar ýaly sanly önümleriň ulanyjy tejribesini (UX) işläp düzmäge jogapkär hünärmeniň iş ugry bilen hem tanyşarlar.

Tejribeli alypbaryjy, häzirki wagtda ITEA IT-akademiýasynyň mugallymy, UX dizaýneri we «Tehnohoz» atly türkmen dilindäki ilkinji tehnologiýa blogynyň awtory Emir Hudaýberdiýewiň ýolbaşçylygynda Açyk gapylar gününe gatnaşyjylar UX dizaýnerinde bolmaly başarnyklar bilen tanşarlar, bu başarnyklar «UX Design» öwrenmek we islenilýän dizaýny döretmek üçin zerurdyr.

ITEA IT-akademiýasynyň Açyk gapylar gününe giriş mugtdyr.

Çäre 24-nji noýabrda sagat 18:30-da oflaýn görnüşde şu salgyda geçiriler: Atatürk köç., «Berkarar» işewürlik merkezi, 1-nji gat, «Iş Nokady» – ofis A7.

Oňa gatnaşmak üçin şu salgyda ýa-da telefon belgilerine jaň edip hasaba alynmak zerurdyr: (+993 63) 42 67 51, (+993 63) 47 11 92.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň