Aşgabatdaky Fransuz instituty sizi 18-nji noýabrda sagat 14:00-da boljak «La Panthère des neiges» («Gar barsynyň gözleginde») atly dokumental filmine tomaşa etmäge çagyrýar.
Film rus dilindäki subtitrler bilen görkeziler.
Fransiýanyň «La Panthère des neiges» atly dokumental filmi 2021-nji ýylda surata düşürildi. Filmde Silwen Tesson bilen Wensan Mýunýeniň Tibet daglaryndaky gar barsyny gözlemek üçin geçiren gözleg ekspedisiýasy barada gürrüň berilýär.
Film 74-nji Kan film festiwalynda görkezildi.

