2023-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkmenistanyň deňiz söwda flotunyň gämileri bilen ýük daşamagyň umumy mukdary, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 23,8 göterim ýokarlandy we 1,884 million tonna barabar boldy.
Umuman, flotyň 2023-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda ýük daşamak meýilnamasy 129,9 göterim ýerine ýetirildi diýip, «nCa» internet portaly habar berýär.
2023-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlary üçin ýük dolanyşygy 789,134 million tonna bolup, bu 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 20,1 göterim ýokarydyr. Netijede, ýanwar-oktýabr aýlaryndaky ýük dolanyşygy meýilnamasy 229,2 göterim ýerine ýetirildi diýip, çeşme belleýär.
2023-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlaryndaky ýolagçy dolanyşygy, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 58,7 göterim artdy we 7,912 million ýolagçy kilometre barabar boldy. Şeýlelik bilen, bu babatdaky meýilnama 240,9 göterim ýerine ýetirildi.