Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly talyplar matematika boýunça halkara bäsleşiginde altyn medala mynasyp boldular

10:2715.11.2023
0
28447
Türkmenistanly talyplar matematika boýunça halkara bäsleşiginde altyn medala mynasyp boldular
Surat: iuhd.edu.tm

Türkmenistanly talyplar 10-12-nji noýabrda Polşanyň Katowissa şäherinde geçirilen matametika boýunça toparlaýyn halkara bäsleşiginde üstünlikli çykyş etdiler.

Şahsy görnüşde Türkmenistana wekilçilik eden Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Myratgeldi Annamuhammedow, Medine Ödäýewa we Nurmyrat Ataýew dagy altyn medala mynasyp boldular.

Şeýle-de türkmenistanly talyplar toparlaýyn görnüşde hem özlerini görkezmegi başardylar. Has takygy, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteiniň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplaryndan düzülen topar we Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň ýygyndy topar ýaryşyň kümüş medalynyň eýesi boldy. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň we Türkmen Döwlet energetika institutynyň ýygyndy toparlary üçünji orna mynasyp boldular.

Ýeri gelende bellesek, iňlis dilinde geçirilen halkara ýaryşa Beýik Britaniýa, Germaniýa, Awstriýa, Sloweniýa we Türkmenistan ýaly dünýäniň dürli döwletlerinden talyplaryň 100-den gowragy gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň