Soňky habarlar

Arhiw

Parižde Türkmenistanyň energetika maýa goýum forumy geçiriler

12:3015.11.2023
0
46223

Geljek ýylyň 24-25-nji aprelde Fransiýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň energetika maýa goýum forumy geçiriler. Halkara forum «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmenengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan «Türkmen Forumy» hojalyk jemgyýeti we «GaffneyCline» iňlis kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guralar diýip, OGT-niň metbugat gullugy habar berýär.

«Bu çäräniň maksady Türkmenistanyň energetika pudagynyň ähli segmentlerine göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we energetika pudagynyň mundan beýläk-de durnukly ösüşi boýunça sebit dialogyny güýçlendirmek üçin mümkinçilikleri giňeltmekden ybarat» diýlip, habarda aýdylýar.

Bellenilişi ýaly, forumyň çäklerinde nebit we gaz öndürmek, ulag we ýangyjy gaýtadan işlemek pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegine serediler. Foruma dünýä belli hünärmenler we halkara energetika ägirtleri gatnaşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň