Top.Mail.Ru

«Türkmentel-2023» forumynyň çäginde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynda birnäçe ylalaşyklara gol çekildi

14:2710.11.2023
0
40078

Aşgabatda geçirilen «Turkmentel-2023» halkara sergi we ylmy maslahatyň çäginde Türkmenistanyň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen birnäçe ylalaşyklara gol çekildi. Bu barada TDH habar berýär.

Hususan-da, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Azerbaýjanyň Ýörite aragatnaşyk we maglumat howpsuzlygy döwlet gullugynyň arasynda maglumat howpsuzlygy ulgamynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekişildi. Şeýle-de «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen «ELINC China Co. Ltd.» kompaniýasy bilen hem özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Mundan başga-da, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen A.N. Tupolew adyndaky Kazan Milli gözleg tehniki uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ähtnama gol çekildi.

«Türkmen hemrasy» AGPJ bilen «Thales Alenia Space France SAS» we «Eutelsat» kompaniýalarynyň arasynda gizlinlik we maglumatlaryň aýan edilmezligi boýunça üçtaraplaýyn ylalaşyk baglaşyldy.

Ýeri gelende bellesek, gol çekilen resminamalar Türkmenistanyň telekommunikasiýa we maglumat tehnologiýalary pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň