Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeligi geçiriler

12:0209.11.2023
0
24579

Türkmenistanda 10-njy noýabrdan 3-nji dekabr aralygynda Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeligi geçiriler. Medeniýet hepdeliginiň çäreleri Aşgabat we Mary şäherlerinde guralar.

ÝB-niň Medeniýet hepdeligi 10-njy we 11-nji noýabrda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda konsert bilen açylar. Konsertiň dowamynda fransuz kompozitorynyň dünýä aýdym-saz premýerasy Türkmenistanyň halkyna hödürlener. Konsert sagat 19:00-da başlar. Petek satyn almak bilen bagly soraglar üçin: (+99312) 22-38-98; (+99363) 46-71-77; (+99364) 03-74-56.

Mundan başga-da, 24-nji noýabrda sagat 17:30-da «Bouygues Turkmen Carbon Training Centre» binasynda «Trash» multfilmi görkeziler. Multfilmi görmek üçin @eeas.europa.eu sahypasynda hasaba alynmaly.

Medeniýet hepdeligi Döwlet simfoniki orkestri bilen bilelikde Latwiýanyň hor aýdymçysy hanym Wita Timermame Muranyň ýolbaşçylygyndaky Aşgabat çagalar horunyň konserti bilen dowam etdiriler. Konsert 26-njy noýabrda sagat 17:00-da Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde bolar. Giriş hemmeler üçin açykdyr.

3-nji dekabrda Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda geçiriljek Döwlet simfoniki orkestri bilen bilelikde Wita Timermame Muranyň ýolbaşçylygyndaky Mary çagalar horunyň konserti hepdeligiň jemleýji çäresi bolar. Konsert sagat 17:00-da. Konserte hemmeler girip bilerler diýlip, ÝB-niň wekiliýetiniň Türkmenistana iberen metbugat beýanatyda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň