Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýazguly Hojageldiýew «Altyn asyryň» AFK-nyň kubogynda «Merw» bilen geçirjek duşuşygyndan garaşýan netijesi barada aýtdy

04:0309.11.2023
0
22857

9-njy noýabrda Aşgabat şäherinde AFK-nyň kubogynyň dördünji tapgyrynda geçiriljek «Altyn asyr» ― «Merw» duşuşygyndan öň «aragatnaşykçylaryň» baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew we hüjümçi Selim Nurmyradow žurnalistrleriň sowallaryna jogap berdi.

― Toparçadaky ýagdaý göz öňünde tutulanda, indiki tapgyra çykmak mümkinçiligiňize nähili baha berýärsiňiz?

― Hawa, ýaryş tertibi heniz hem ähli toparlaryň ýaryşy dowam etdirmäge bolan mümkinçiliginiň bardygyny görkezýär. Ýöne ahyrky sözi öňümizde duran oýunlar sözlär.

― Birbada üç ýaryşa gatnaşmak kynçylyk döredýändir.

― Elbetde, käbir meseleleri döredýär. Her üç günden bir duşuşyk oýnamak üçin ýeterlik mümkinçiliklerimiz az. Esasy düzümdäki oýunlara dynç berip, ätiýaçdakylary ulanmaly bolýarys. Başga bir tarapdan bolsa, bu ýagdaý biz üçin halkara duşuşyklara taýýarlygyň möhüm tapgyrlaryna öwrülýär. Ikinjiden bolsa, ýaş oýunlara hem mümkinçilik döredilýär.

― «Merw» bilen bir çempionata wekilçilik edýärsiňiz. Öňümizde duran duşuşyk barada pikirleriňiz nähili?

― Bu duşuşyk biziň üçin asla adaty oýun däl. Halkara ýaryşyň duýgusy başgaça bolýar. Biz mydama ýeňiş gazanmak isleýäris. Munuň üçin elimizden gelenini gaýgyrmarys. Biz hemişe duşuşyklara gatnaşmak üçin däl-de, ýeňmek üçin barýarys.

― Gurban Berdiýewiň ýanyndaky tejribeligiňizden nämeleri gazandyňyz?

― Biz göçürmäge däl-de, gowy zatlary öwrenmäge gitdik. Türgenleşiklerimizde ulanyp boljak käbir zatlary bellik hem etdik, çünki ol ýerde futbolyň derejesi has ýokary. Diňe bir näme edýändiklerini synlaman, oýunçylaryň başarnyklaryna hem seljerme berdik. Bulardan daşary hem özümiz üçin bir topar täzelik edindik.

Selim Nurmyradow: «Diňe ýeňşi maksat edinýäris»

― Her wagt söweşiji ruhumyz bar. Gowy taýýarlandyk. Özümize kyn duşuşygyň garaşýandygyny bilýäris, ýöne bizi diňe ýeňiş kanagatlandyrýar.

― Geçen duşuşygyň 96-njy minudynda ýeňiş goluny siz geçirdiňiz. Şol wagt nähili duýgulary başdan geçirdiňiz?

― Aljyramadym. Özüm üçin amatly ýerde durdum. Tälimçimiz jerime urgularyny maňa ynanypdy. Jerime urga kän türgenleşdim, şonuň üçin taýýardym.

AFK-nyň kubogy ― 2023/24-iň dördünji tapgyrynyň çäginde «Altyn asyr» bilen «Merwiň» arasyndaky duşuşygyň 9-njy noýabr güni «Aşgabat» stadionynda geçiriljekdigini ýatladýarys. Duşuşyk ýerli wagt bilen agşam sagat 19-da başlanar.

Duşuşyga stadionda tomaşa etmek isleýän janköýerleriň petekleri «Aşgabat» stadionynyň öz kassasyndan, «Bekarar», «Gülzemin» we «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» söwda merkezlerinden satyn alyp biljekdigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň