Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Gündogar lukmançylygyny ösdürmek boýunça koreý agentligi bilen ylalaşyga gol çekdi diýip, «Trend.az» habar berýär.
Gündogar lukmançylygy we gaýtadan dikeldiş lukmançylygy pudagynda häzirki zaman tehnologiýalaryny we ylmy-amaly maglumatlary alyşmak, adaty lukmançylyk we gaýtadan dikeldiş lukmançylygy pudagynda bilelikdäki bilim maksatnamalaryny işläp düzmek hem-de durmuşa geçirmek, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny ösdürmekde hyzmatdaşlyk etmek ýaly wezipeler Ylalaşygyň esasy mazmunyny düzýär.
Bu wezipeleri ýerine ýetirmek we şu pudakda özara gatnaşyklary berkitmek maksady bilen, Koreýa Respublikasynyň Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi ministrliginiň we oňa degişli edaralaryň hünärmenleriniň Türkmenistana gelip, türkmen kärdeşleri bilen duşuşyklary geçirendigini bellemelidiris.
Yzygiderli tejribelikleri guramakdan başga-da, takmynan, 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistandaky iň uly täze saglyk öýleriniň biri hökmünde Gündogar lukmançylygy merkezini döretmek we işe girizmek meýilleşdirilýär.