Soňky habarlar

Arhiw

8-nji noýabrda Aşgabatda Aragatnaşyk Dolandyryşlarynyň Başlyklarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler

13:1107.11.2023
0
21792

8-nji noýabrda Aşgabatda Aragatnaşyk boýunça Sebit Arkalaşygynyň (ASA) administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 59-njy bilelikdäki mejlisi hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň ASA-nyň ýanyndaky maglumat boýunça utgaşdyryjy geňeşiniň 29-njy mejlisi geçiriler. Bu barada «Belta» salgylanyp, «centralasia.news» habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar aragatnaşyk we maglumat pudagyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Şeýle hem döwletiň birnäçe möhüm meselelerine we Arkalaşygyň çäginde sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine serederler.

Arkalaşygyň ýurtlarynda aragatnaşyk pudagy boýunça möhüm çözgütler kabul edilýän bu Geňeşiň mejlisi, azyndan, ýylda bir gezek geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň