Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenhowaýollary» gyş paslynda 7 ýurda ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrar

10:2102.11.2023
0
118851

1-nji noýabrdan başlap «Türkmenistan» awiakompaniýasy 7 ýurda — Russiýa Federasiýasyna, Türkiýä, Hytaýa, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Birleşen Arap Emirliklerine hem-de Hindistana ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrar. Bu barada awiakompaniýanyň gyşky gatnawlarynyň täzelenen tertibinde mälim edildi.

«Türkmenhowaýollarynyň» uçarlary her hepdede 5 gezek Kazana, 10 gezek Stambula (gatnawlaryň biri 5-nji dekabrdan başlap ýola goýlar), 2 gezek Deli şäherine, 2 gezek Dubaýa, 2 gezek Pekine we 1 gezekden Maýnyň boýundaky Fankfurt we London şäherlerine uçarlar.

Mundan ozal, «Turkmenportal» «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Moskwa şäherine gatnawlary waagtlaýyn bes edendigini habar beripdi.

Ýeri gelende bellesek, turkmenistanairlines.tm. resmi saýtynda awiakompaniýanyň gatnawlarynyň häzirki tertibi bilen tanşyp hem-de petekleri satyn alyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň