Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 4-nji noýabrda güýzki bag ekiş möwsümine badalga berler

23:3128.10.2023
0
50421

4-nji noýabrda Türkmenistanda nobatdaky «ýaşyl» ekologiýa çäresine — güýzki bag ekiş möwsümine badalga berler. Şol gün ählihalk bag ekmek çäresi geçiriler. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda aýtdy.

Döwlet Baştutany ýurduň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewe geljek hepdede geçiriljek bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň