Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 25-nji oktýabrda Türkiýä sapar bilen bardy. Türkmenistanyň Prezidentiniň resmi saparynyň çäklerinde, düýn Ankaradaky Prezident toplumynda Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýilmaz bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýewiň arasyda gepleşikler geçirildi.
«Anadolu»-nyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky ykdysady, syýasy we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary pugtalandyrmak barada pikir alşyldy.
J.Ýilmaz Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň mukdaryny 5 milliard amerikan dollaryna ýetirmegi maksat edinýändiklerini we bu maksada ýetmek üçin söwda amallaryny ýeňilleşdirjek çäreleri, esasanam, töleglere gaýtadan serediljekdigini, olaryň uzak möhlete esaslanjakdygyny aýtdy. Şunda Hökümetara türkmen-türk ykdysady toparynyň mejlisleriniň işine möhüm ornuň degişlidigi bellenildi.
Wise-premýer B.Atdaýew iki ýurduň arasynda häzirki wagtda alnyp barylýan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň derejesini ýokary baha berdi we özara söwda dolanyşygynyň mukdaryny 5 milliard amerikan dollaryna çenli ýetirmekde bileleikde iş alyp barmaga taýýardygyny mälim etdi.