Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«NG Kutahya» dükany öý üçin bio-kaminleriň köp sanly görnüşlerini hödürleýär

11:2725.10.2023
0
20545

Sowuk howaly gyş paslyna gadam basylmanka, salkyn howanyň düşüp ugran häzirki günlerinden öýi ýyly saklamagyň gamyny iýmek gerek. Şu aladalar bilenem «NG Kutahya» öýlerimizi diňe bir gyşyna ýyly saklamak däl-de, eýsem, ojagymyzda mylaýymlygyň we sazlaşygyň atmosferasyny döretmäge ýardam etjek bio-kaminleriň giň assortimentini ýetirýär.

«NG Kutahyanyň» bio-kaminleri islendik interýer bilen ajaýyp sazlaşýar we ulanylyşyna gözegçilik edilen ýagdaýynda howpsuzdyr. Dükanda mundan başga hem dürli ölçegdäki hem görnüşdäki (ýer hem-de diwar üçin we beýlekiler) dürli bahalardan ýetirilýän kaminler bar. Kaminleri myhman otagda, kabinetlerde, aşhanada ýerleşdirmek bolýar.

«NG Kutahya» dükanynda kaminleriň ýangyjy hökmünde bioetanol — ösümlik çig malyndan alynýan etanol çykyş edýär. Dünýä ýurtlarynda bioetanol benzin ýangyjyna alternatiwadyr we uglerod ýangyjyndan tapawutlylykda has ekologik arassa hasap edilýär.

Kaminler üçin bioetanoly hem «NG Kutahya» dükanyndan alyp bolýar.

Dükanda şeýle hem öwüsmeýän we öwüsýän dürli nagyşly keramiki granitleriň, santehnika önümleriniň hem-de wanna otaglary üçin çyglylyga çydamly mebelleriň köp sanly görnüşleri bar.

Bu ýerde satyn alnan harytlary Aşgabat şäheriniň çägine we Türkmenistanyň beýleki sebitlerine eltip bermek hyzmaty guralyp, onuň tölegi aralygyň uzaklygyna görä kesgitlenýär.

Dükanyň ýerleşýän salgysy: Ak bugdaý etraby, Senagat zolagynyň çägi, «NG Kutahya» binasy. Telefon belgisi: 611 611.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň