Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «MAÝAM» himiki arassalaýyş kärhanasynyň bölümleri we hyzmatlar tory giňeýär

11:3523.10.2023
0
29720

«MAÝAM» himiki arassalaýyş we egin-eşik ýuwmak hyzmatlarynyň tory diňe aşgabatlylaryň däl-de, eýsem hyzmatlar kärhanasynyň işiniň hiline we assortimentine ýokary baha berýän daşary ýurtly myhmanlaryň arasynda hem giňden meşhur.

Häzirki wagtda «MAÝAM» kärhanasynyň Aşgabatda üç sany sehi we alty sany kabul ediş nokady bar. Toruň geriminiň barha giňemegi kärhananyň öz müşderilerine has ýakynlaşmaga we has peýdaly bolmaga, olaryň durmuşyny mümkin boldugyndan ýeňilleşdirip, gyzykly çärelere wagt tapmaklaryna bolan ymtylyşy bilen baglanyşyklydyr.

Golaýda «Joşgun» söwda merkezinde ýerleşýän esasy sehiniň we onuň «Aşgabat» söwda merkezindäki şahamçasynyň hataryna iki ýerdäki «Halk Market» söwda torlarynda, «Aşgabat» stadionynda hem-de Halkara howa menzilinde ýerleşýän täze nokatlary goşuldy. Bir ýere gidilende hapalan egin-eşikleriňizi hyzmat ediş merkezine berip, soň bolsa ony öýüňizde kabul edip almagyň nähili oňaýlydygyny pikir edip görüň. Onsoňam, has zerur işiň bar mahaly söwda etmäge ýa hyzmat merkezine gitmäge eliňem degmeýär ahyryn.

«MAÝAM» arassalaýyş merkezi 2014-nji ýylyň 1-nji dekabrynda öz işine başlady we soňky ýyllarda gazanan iň möhüm üstünligini — müşderileriň sanynyň yzygiderli köpelmegi, şeýle hem hyzmatlarynyň mukdaryny we hilini hemişe ýokarlandyrmak, ösdürmek mümkinçiligi hasaplaýar. Şolaryň arasynda: egin-eşikleriň we dokma önümleriniň ähli görnüşlerini himiki usulda we suw bilen arassalamak, müşderiniň ýaşaýan ýerine ýa-da işleýän ýerine baryp mugt alyp gaýtmak we eltip bermek, geýimdäki ownuk-uşak kemçilikleri düzetmek hem-de ýok etmek, oňat ütüklemek hyzmatlary bar. Kir ýuwmak we arassalamak üçin islendik göwrümli matalaryň, eşikleriň kabul edilýändigini bilmek möhümdir.

Ýerine ýetirilen köp sanly sargytlaryň arasynda — keteniden we mahmaldan tikilen milli köýnekler, toý kürteleri, agşamky dabara köýnekleri, aýratyn idegi talap edýän erkek kostýumlary, şeýle hem deriden we mahmaldan taýýarlanan önümleri arassalamak bar.

Şeýle hem kärhananyň hünärmenleri aýakgaplaryň, deri horjunyň, çemodanlaryň, gezim arabalarynyň reňkini dikeldýärler we üstesine-de, önüme siziň öz sargydyňyzdan ugur alyp ýazuw ýazyp bermek hyzmaty hem bar.

Mundan başga-da, «MAÝAM» ýaşaýyş jaýlaryny we ofisleri ýygnamak, ýumşak mebelleri, penjireleri, potoloklary we lýustralary arassalamak hyzmatyny ýetirýär. Bu ýere örän uly göwrümdäki halylary ýuwdurmak, senagat alpinizm tehnologiýalary ulanylýan uly binalaryň witražlaryny ýuwdurmagy sargyt edip bolýar.

Iş ugurlaryny giňeltmegi dowam etdirmek bilen, «MAÝAM» dünýäde örän meşhur hasaplanýan gurşawy ozonlaşdyrmak hyzmatyny işjeň ýagdaýda ýola goýýar.

Himiki arassalaýyş hyzmaty üçin tölegi nagt, şeýle-de bank karty arkaly geçirmek bolýar.

Yzygiderli esasda geçirilýän aksiýalar hem örän täsirlidir. Müşderileriň esasy halaýan aksiýalarynyň biri-de — «5 sany erkek geýimini 125 manada ýuwdurmak». Baýramçylyklar we möhüm seneler mynasybetli yzygiderli müşderilere sowgat şahadatnamalary berilýär. Maşgala hossarlaryňyza we dostlaryňyza sowgat hökmünde «MAÝAM» hyzmatlar bukjasyny hem satyn alyp bilersiňiz.

Kärhananyň sehleri önümleriň soňky gaýtadan işlenişiniň ýokary hilini üpjün edýän häzirki zaman enjamlary we himiki serişdeler bilen enjamlaşdyrylandyr. Hünärmenleriň hünärini ýokarlandyrmaga hem uly üns berilýär. «MAÝAM-yň» başlygy Maýa Myradowanyň belleýşi ýaly, «Biziň hemişe çemeleşýän zadymyz, ýokary hilli sarp ediş hyzmatlary kärhanasynyň derejesini kanagatlandyrmak üçin bazardaky özgertmelerden hemişe habarly bolmak, enjamlar, şeýle hem dürli matalary öndürmekde ulanylýan täze tehnologiýalar barada täzelikleri bilmek zerurdyr». Şunuň bilen baglylykda, 2020-nji ýylda himiki arassalaýyş kärhanasynyň ISO 9001 hil standartyny alandygyny ýatladýarys. Şeýlelik bilen hem, onuň işine ýokary hilli sarp ediş hyzmat kärhanasynyň derejesi hökmünde baha berildi.

«MAÝAM-yň» ýakyn geljek üçin meýilnamalary — kabul ediş nokatlarynyň toruny giňeltmegi we internet hyzmatlaryny ornaşdyrmagy öz içine alýar. Oňa laýyklykda bolsa, müşderi islän wagty onlaýn görnüşde sargyt edip biler.

«MAÝAM» arassalaýyş merkeziniň salgylary:

  • «Joşgun» işewürlik merkezi, 1-nji gat. Telefon belgileri: 21 89 52; (+993 63) 60 92 22;
  • «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezi, B blok, 1-nji gat. Telefon belgileri: 41 50 59; (+993 63) 30 92 22;
  • «Aşgabat» stadiony, 0-njy gat. Telefon belgileri: 95 51 29; (+993 63) 34 92 22;
  • «Halk Market» dükanlar tory (Aýtakow köç., «Nusaý ýollary» jaýy). Telefon belgileri: (+993 63) 91 72 22;
  • «Halk Market». «Gämi» söwda merkezi. Telefon belgileri: (+993 63) 91 72 22;
  • Halkara howa menzili, 1-nji gat. Telefon belgileri: (+993 63) 83 92 22;
  • Web saýty: www.mayam.com
  • Sosial media ulgamyndaky sahypasy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň