Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

UFC-nyň ýeňil agram derejesiniň çempiony Mahaçýew Wolkanowskiden üstün çykdy

14:0322.10.2023
0
39898

UFC-nyň ýeňil agram derejesiniň russiýaly wekili Islam Mahaçýew 21-nji oktýabrda Abu-Dabide geçirilen UFC 294 ýaryşynda awstraliýaly Aleksandr Wolkanowskini ýeňdi.

Agşamyň esasy wakasyna öwrülen tutluşyk birinji raundyň başynda tamamlandy.

Bu Mahaçýewiň Wolkanowskiniň garşysyna gazanan ikinji ýeňşidir. 2023-nji ýylyň fewral aýynda bolup geçen ilkinji tutluşykda russiýaly pälwan eminleriň biragyzdan gelen karary bilen ýeňiş gazanypdy.

Bu netije bilen UFC-nyň ýeňil agram derejesiniň çempiony Mahaçýew garyşyk söweş sungatynda 25 duşuşykda ýeňilmän gelýär. Wolkanowskiý bolsa karýerasyndaky üçünji gezek ýeňlişe sezewar boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň