Soňky habarlar

Arhiw

Ispaniýa, Şotlandiýa we Türkiýe-de Ýewro ― 2024-e çykdy

11:5716.10.2023
0
11268

Futbol boýunça 2024-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama böleginiň ýedinji tapgyrynyň duşuşyklaryndan soňra Ispaniýanyň, Türkiýäniň we Şotlandiýanyň ýygyndylary çempionatdaky ýerini berkitdiler. Bu barada TASS ýazýar.

Ispaniýa Gawiniň 49-njy minutda geçiren goly bilen myhmançylykda Norwegiýany 1:0 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, «A» toparçasynda Ispaniýa bilen Şotlandiýa deň mukdarda utuk toplady. Iki ýygyndynyň hem 15 utugy bar. Ýöne käbir görkezijiler boýunça Ispaniýa öňe çykýar. Toparçada üçünji orny bolsa ýedi duşuşykda 10 utuk toplap bilen Norwegiýa eýeleýär.

Öz meýdanynda Latwiýany 4:0 hasabynda ýeňen Türkiýe hem ýedi duşuşykda 16 utuk toplap, Ýewro ― 2024-e çykdy. «D» toparçanyň beýleki bir duşuşygynda bolsa Uels öz meýdanynda Horwatiýanyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda ýeňdi. Mundan soň türk ýygyndysy ýaryş tertibiniň birinji basgançagyndan aşak düşmez. Her biri 10 utuk toplap bilen uelsliler we horwatiýalylar bolsa, ýaryş tertibiniň ikinji basgançagy üçin göreşmeli bolarlar.

Mundan öň Belgiýanyň, Portugaliýanyň we Fransiýanyň ýygyndylary Ýewro ― 2024-däki ýerini berkidipdiler. Germaniýa bolsa ýer eýesi hökmünde ýaryşa awtomatiki ýagdaýda gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň