Top.Mail.Ru

Serdar Berdimuhamedow bergiler babatdaky borçnamalar we özara hasaplaşyklar meselelerine üns bermegi teklip etdi

17:3613.10.2023
0
57172

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bişkekde geçirilýän GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitinde bergiler babatdaky borçnamalar we özara hasaplaşyklar meselelerine üns bermegi teklip etdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

«Ykdysadyýetde hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini gatnaşyklarymyzyň ileri tutulýan ugry hasaplaýarys» diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Döwlet Baştutanynyň aýtmagyna görä, 2019-njy ýylda Aşgabatda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnama gol çekildi, soňra ol kabul edilen GDA-nyň ykdysady ösüşiniň 2030-njy ýyla çenli Strategiýasynyň esasyny düzdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen tarapynyň giň gerimli «Demirgazyk — Günorta» we «Gündogar — Günbatar» düzümleýin geçelgeleri ösdürmek babatda energetika, ulag-kommunikasiýa ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça başyny başlan taslamalarynyň Arkalaşygyň döwletleri üçin wajypdygyna ynanýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanynyň aýtmagyna görä, Hazar-Gara deňiz we Aziýa-Ýuwaş ummany sebitleriniň ulag gatnawlary, şeýle hem Aýlagyň we Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen logistiki mümkinçilikleri artdyrmaga uly ähmiýet berilýär.

«Häzirki wagtda dünýäniň ykdysady çökgünligi, ählumumy ýangyç-energetika bazarynda durnuksyzlyk şertlerinde hyzmatdaşlygymyzyň maliýe ugry barada hem düýpli pikir etmegi zerur hasaplaýarys. Bergiler babatdaky borçnamalar we özara hasaplaşyklar meselelerine üns bermegi, olary çözmek boýunça ýörite geňeşmeleri geçirmegi teklip edýäris» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň