Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti GDA döwletlerini Aşgabatda geçiriljek Merkezi Aziýada howpsuzlyk boýunça Maslahata çagyrdy

17:0013.10.2023
0
46525

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Arkalaşygyň döwletlerini geljek ýyl Aşgabatda geçiriljek Merkezi Aziýada howpsuzlyk boýunça Maslahatyň birinji mejlisine çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Bişkekde geçirilen GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitinde aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada howpsuzlyk boýunça Maslahaty döretmek barada Türkmenistanyň teklipleri Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň formaty üçin derwaýys bolup durýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

Döwlet Baştutanyň belleýşi ýaly, sebitiň durnukly, gapma-garşylyksyz ösüşini üpjün etmek işinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we beýleki gyzyklanma bildirýän döwletleriň, halkara guramalaryň, maliýe we ykdysady institutlaryň ýakynlaşmagyna we tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna gönükdirilen çemeleşmeleriňdir çözgütleriň işlenip taýýarlanylmagy Maslahatyň esasy maksady hasaplanylýar.

«Türkmen tarapy Arkalaşygyň döwletlerini geljek ýyl Aşgabatda Maslahatyň birinji mejlisiniň işine gatnaşmaga çagyrýar» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň