Top.Mail.Ru

Aşgabatda Abu Aly ibn Sina bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi

22:4911.10.2023
0
26596

Şu gün Aşgabatda «Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde guralan forum ýaş bagşy-sazandalaryň çykyşlary hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri aýratyn orny eýelän ýörite sergi bilen utgaşdyryldy.

Halkara ylmy maslahatda, ilki bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy ünsli diňlenildi.

Umumy mejlisde çykyş edenler Abu Aly ibn Sinanyň ylymda gazanan üstünliklerini, häzirki zaman lukmançylyk ylmyna goşandyny bellediler, şeýle hem alymyň keselleriň öňüni almakda we bejermekde aýdan parasatly sözlerini beýan etdiler.

Daşary ýurtly alymlar türkmen alymlary bilen dünýä lukmançylyk ylmynyň taryhynda öçmejek yz galdyran Abu Aly ibn Sinanyň şahsyýetini, ylmy-döredijilik we lukmançylyk mirasyny, beýik akyldaryň ýaşan zamanasynyň syýasy-jemgyýetçilik ýagdaýlaryny, onuň dünýä halklarynyň jemgyýetçilik durmuşynda tutýan ornuny, köpöwüşginli dünýewi häsiýetli ynsanperwer garaýyşlaryny we lukmançylyk ýörelgelerini öwrenmek boýunça pikir alyşdylar.

Keselleri anyklamagyň we bejermegiň täzeçil usullary babatda nusgawy maglumatlaryň seljerilmegine we baglanyşdyrylmagyna hem-de olaryň esasynda bedeniň üýtgeýän häsiýetleri barada täze garaýyşlary öňe sürmäge esaslanýan lukmançylyk ugurly ýokary okuw mekdeplerinde bilim bermek işine aýratyn üns çekildi.

Halkara ylmy maslahat öz işini Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde we Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirilen üç bölümde dowam etdi.

Foruma gatnaşan daşary ýurt wekilleri türkmen kärdeşleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassyklap, özara gatnaşyklary ösdürmegiň ýollary hakynda pikir alyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň