Türkmenistanly Güýçberdi Gulow XVII Delfiýa oýunlarynda kümüş medala mynasyp boldy

14:0610.10.2023
0
29268

Şu günler Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde GDA agza döwletleriň ýaşlarynyň arasynda XVII Delfiýa oýunlary geçirilýär. Oňa ilkinji gezek Türkmenistanly ýaşlar hem gatnaşýarlar.

9-njy oktýabrda XVII delfiýa oýunlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerinden soň birnäçe ugurlar boýunça ýeňijiler kesgitlenildi. Şeýlelikde, türkmenistanly ýaş zehinli aýdymçy Güýçberdi Gulow ýekelikde halk aýdymyny ýerine ýetirmekde bäsleşigiň kümüş medalyna mynasyp boldy.

Mundan başga-da, türkmenistanly Selbi Nurýagdyýewa 17 ýaşa çenlileriň, Wepa Ýazmyradow bolsa 21 ýaşa çenlileriň arasynda şekillendiriş sungaty boýunça «Ýörite diplom» bilen sylaglanyldy.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanyň döredijilik topary Delfiýa oýunlaryna şekillendiriş, zergärçilik, fortepiano çalmak, skripka çalmak, halk, wokal, estrada aýdymlaryny ýerine ýetirmek, milli saz gurallarynda saz çalmak ýaly ugurlar boýunça gatnaşýarlar.

Maglumat üçin, 6-njy oktýabrda başlanan XVII Delfiýa oýunlary 10-njy oktýabra çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň