13-14-nji oktýabrda Şuşada Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýurtlarynyň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň 40-njy mejlisi geçiriler. Muny TÜRKSOÝ Baş sekretarynyň orunbasary Sait Ýusufyň sözlerine salgylanyp, «Report.az» habar berdi.
Onuň sözlerine görä, mejlise 6 ýurduň — guramany esaslandyryjylar bolan Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň medeniýet ministrleri gatnaşarlar. Däp bolşy ýaly, mejlisde TÜRKSOÝ tarapyndan ýerine ýetirilen işler ara alnyp maslahatlaşylar, 2024-nji ýyl üçin öňde duran wezipeler kesgitleniler we degişli çözgütler kabul ediler.
«2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» Şuşa şäherinden Türkmenistanyň Änew şäherine geçiriler» diýip, S.Ýusuf mejlisiň jemi boýunça kabul ediljek käbir kararlary hem mälim etdi.