Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan «ADIPEC 2023» sergisinde energetika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

13:0806.10.2023
0
16997

Abu-Dabi şäherinde geçirilen dünýäde iň uly «ADIPEC 2023» nebit-gaz sergisiniň we maslahatynyň ikinji gününde Türkmenistanyň pawilýonyna energetika pudagynyň dürli pudaklaryndan 3 müňden gowrak hünärmen geldi. Olaryň arasynda Saud Arabystany, Pakistan, Alžir, Germaniýa, Türkiýe, Azerbaýjan, Gazagystan, Hytaý ýaly ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekilleri bar diýip, «nCa» internet portaly «Turkmen Foruma» salgylanýar.

Bellenilişi ýaly, türkmen wekiliýeti hem bu halkara maslahata işjeň gatnaşdy. Ministrler we iri nebit korporasiýalarynyň ýolbaşçylary energetikanyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, Türkmenistanyň energiýa pudagyny ösdürmek üçin innowasion pikirleri we marketing mümkinçiliklerini hödürlediler.

Maslahatda dekarbonizasiýa, daşky gurşawy goramak we metan zyňyndylaryny azaltmak meselelerine aýratyn üns berildi. Bu derwaýys meseleler 25—27-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek «OGT» maslahatynda hem ara alnyp maslahatlaşylar.

Dünýäniň ösen döwletleriniň Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna bolan uly gyzyklanmasy onuň dünýäniň energiýa bazaryndaky ähmiýetiniň artýandygyny görkezýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň