Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy ― 2023/24: Saparow janköýerleri «Merwe» goldaw bermäge çagyrdy

15:4404.10.2023
0
38190

«Merw» futbol toparynyň kapitany we tejribeli derwezeçisi Merdan Saparow AFK-nyň kubogynyň çäginde ertir Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» topary bilen geçiriljek duşuşykdan öň metbugat maslahatynda žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi.

5-nji oktýabrda geçiriljek duşuşyga «Merwiň» janköýerleri sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Saparowyň aýtmagyna görä, olaryň uly topar bolup janköýerlik etmek üçin stadiona gelmegine garaşylýar.

Şeýle hem derwezeçi toparyň ýeňiş üçin elinden gelenini gaýgyrmajakdygyny aýtdy. Şeýle hem ol ähli türkmenistanly janköýerleri topary goldamaga çagyrdy.

Duşuşykdan ozal geçirilen guramaçylyk maslahatynda aýdylyşy ýaly, «Merwiň» futbolçylary ertir duşuşyga hemişeki sary reňkli köýnekçesinde çykarlar. 5-nji oktýabrda «Aşgabat» stadionynda geçiriljek duşuşyk sagat 17-de başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň