2022-nji ýylda ýolagçy dolanyşygy 29,5 milliard ýolagçy kilometre deň boldy

09:4029.09.2023
0
23328

Ulag we aragatnaşyk pudagynyň 2022-nji ýylda jemi içerki önümdäki paýy 8,8 göterim bolup, onuň işi ilatyň ýükleri daşamak we ýolagçylary gatnatmak hem-de kommunikasiýa hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, üstaşyr ýük we ýolagçy dolanyşygyny artdyrmaga, içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ulag we aragatnaşyk pudagynyň ösüşi düýpli ýokarlandy. 2022-nji ýylda ulaglaryň ähli görnüşiniň ýük dolanyşygy 50,0 milliard t-km deň bolup, 1991-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende, 32,0 göterim ösüş gazanyldy.

2022-nji ýylda ýolagçy dolanyşygy 29,5 milliard ýolagçy km deň bolup, 1991-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2,8 esse artdy diýlip, gazetiň şu günki sanynda çap edilen makalada bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň