Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Azerbaýjanda resmi saparda bolmagynyň çäklerinde bu ýurduň Prezidenti Ylham Aliýew bilen Igdyr-Nahiçewan gaz geçirijisiniň düýbüniň tutulyşyna gatnaşdylar diýip, «MIR 24» habar berýär.
Taraplar bu taslamanyň diňe bir iki ýurduň arasynda energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge däl, eýsem, Ýewropanyň energiýa howpsuzlygyna ýardam berjekdigini nygtadylar.
Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Liderleri bilelikdäki resminamalaryň gol çekişlik dabarasyna gatnaşdylar. Olaryň hatarynda Kars-Nahiçewan demir ýoluny, Türkiýäniň Kahramanmaraş ülkesinde ýaşaýyş öýlerini, mekdep, çagalar bagyny we medeni merkez gurmak boýunça taslamalar hem bar.
Üstümizdäki ýylda Azerbaýjan bilen Türkiýäniň arasyndaky haryt dolanyşygynyň 6 milliard dollara golaýlandygy habarda bellenýär.

