Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebiti Türkmenistan bilen yzygiderli gämi gatnawyny ýola goýmak isleýär. Bu barada Astrahanyň gubernatory Igor Babuşkin özüniň resmi Telegram sahypasynda mälim etdi.
Gubernatoryň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygy hakynda gürrüň berilýän habarda bu yzygiderli gämi gatnawynyň Astrahana ýük daşamalaryň möçberini artdyrmaga we oba hojalyk önümleriniň eksportyny ýola goýmaga mümkinçilik berjekdigi bellenilýär.
«Özara söwdanyň göwrümini artdyrmak, gämi gatnawyny we syýahatçylygy ösdürmek, gämi gurluşygy we ynsanperwerlik gatnaşyklaryny berkitmek — biziň hyzmatdaşlygymyzyň esasy ugurlary» diýip, gubernator nygtaýar.
Onuň aýtmagyna görä, Serdar Berdimuhamedow bilen bolan duşuşykda Astrahan sebitinde Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi «Demirgazyk—Günorta» halkara ulag geçelgesiniň ösüşi üçin örän möhümdir.
Mundan başga-da, duşuşykda Astrahan bilen Türkmenbaşy şäheriniň arasynda howa gatnawlaryny açmak we rus syýahatçylarynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna baryp bilmegi üçin wiza düzgünini ýeňilleşdirmek meselesi hem gozgaldy.
«Biz bilim pudagynda hyzmatdaşlygymyzy giňeldýäris. Ýokary okuw mekdeplerimizdäki türkmen talyplarynyň sany ep-esli artdy. Häzirki okuw ýylynda sebitde Türkmenistanyň 1800 raýaty bilim alýar» diýip, Babuşkin aýtdy.
Astrahan sebitiniň gubernatory ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine üns berendigi üçin Türkmenistanyň Baştutanyna hoşallyk bildirdi.
«Türkmenistan biziň sebitimiz üçin diňe bir strategiki hyzmatdaş däl, eýsem ýakyn, ygtybarly dostdur» diýip, gubernator nygtady.