Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan şäherleri ösdürmegiň strategiýasyny işläp düzmegi meýilleşdirýär

14:2224.09.2023
0
48199

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäherleri ösdürmegiň strategiýasyny işläp taýýarlamak zerurdygyny aýtdy.

Bu barada Gahryman Arkadag Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda aýtdy.

«Türkmenistanda şäherleri ösdürmegiň strategiýasyny işläp taýýarlamak zerur diýip hasap edýäris. Bu strategiýa täze eýýamda baş maksadymyza ýetmekde – halkymyzyň hal-ýagdaýyny dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň derejesine çykarmakda ýene-de bir möhüm ädim bolar!» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady. Bu barada TDH ýazýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, Halkyň ýaşaýyş derejesi şähergurluşyk işi bilen berk baglydyr. Bu ugurda ýurtda zerur kanunçylyk binýady döredildi. Kabul edilen kanunlar adamyň talabalaýyk ýaşaýyş jaýynyň bolmagy we durmuş gurşawynyň emele getirilmegi, ilatly ýerleriň durnukly ösdürilmegi bilen bagly durmuşa geçirilýän işleri mundan beýläk hem üstünlikli dowam etdirmäge mümkinçilik berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň