ABŞ-da on ýaşly oglanjyk we onuň on bir ýaşly uýasy ejesiniň ulagyny ogurlap gaçdy diýip, «New York Post» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.
Olar gije awtoulaga münüp gidipdirler we 320 kilometr aralygy geçmäge ýetişipdirler. Polisiýa awtoulagyň alnyp gaçylandygy barada habary alandan kän wagt geçmänkä, ony Florida ştatynyň Alaçua şäherinde tapypdyr. Olar ulagy saklapdyrlar.
Hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri saklanan ulagdan ellerini galdyryp çykan çagalary görüp haýran galypdyrlar. Sebäbi olar dereksiz ýiten hasaplanýan eken.
Ejeleri çagalaryna garşy aýyplama bildirmekden ýüz öwrüp, olary polisiýa bölüminden almak üçin üç sagat ýol geçip gelipdir.