Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli, 22-nji sentýabrda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň 24-siniň açylyş dabarasy boldy. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.
Bellenilişi ýaly, ýurduň baş şäheriniň gün-günden gözelleşýän demirgazyk künjeginde ähli zerur düzümleri bolan ajaýyp ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat amatly toplumyň gurulmagy dowam edýär.
Açylyp ulanmaga berlen iki gatly kottej jaýlarynyň her biri 5 otagdan ybarat. Ýurtda gurulýan täze ýaşaýyş jaýlarynyň ählisinde bolşy ýaly, olarda hem ýokary derejeli amatlyklar esasy şert hökmünde göz öňünde tutulypdyr.