Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasynyň Sergi merkezinde ýurduň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy.
Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň oňa gatnaşyjylara Gutlagy okaldy.
«Bu giň möçberli serginiň berkarar Watanymyzyň gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini beýan edip, geljekki ösüşlerimiziň badalgasyna öwrüljek başlangyçlary, täze taslamalary ilerletmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn» diýip, Gutlagda aýdylýar.
Sergä milli ykdysadyýetiň döwlete degişli we hususy kärhanalar gatnaşýarlar.
Serginiň her bölümi halk hojalygynyň özboluşlygyny emele getirmekde dowam edýän häzirki zaman özgerişleriniň gerimi we üstünligi bilen haýran galdyrýar.
Uly göwrümli serginiň esasy maksady diňe bir gazanylan üstünlikleri däl, eýsem ykdysady pudaklaryň mümkinçiliklerini, düýpli özgertmeleriň netijelerini, şeýle hem döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň netijeliligini görkezmekden ybaratdyr.