2023-nji ýylyň 10 — 25-nji sentýabry aralygynda Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde ÝUNSEKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 45-nji sessiýasy bolup geçýär. Onuň dowamynda Beýik Ýüpek ýolunyň Türkmenistanyň üstünden geçen şahasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Has takygy, Özbegistan tarapyndan «Beýik Ýüpek ýoly: Zarafşon — Garagum şahasy» atly resminama ÝUNSEKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň garamagyna hödürlenilip, ol 45-nji sessiýanyň dowamynda tassyklanyldy. Şeýlelikde, Beýik Ýüpek ýolunyň Zarafşon — Garagum şahasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyndan orun aldy. Bu barada daryo.uz özbek saýty habar berdi.
Ýeri gelende bellesek, Beýik Ýüpek ýolunyň Zarafşon — Garagum şahasy üç döwletiň — Täjigistanyň, Özbbegistanyň hem-de Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän 31 taryhy ýadygärlikden ybaratdyr. Şol taryhy ýadygärlikleriň 9 sanysy Täjigistanda, 15 sanysy Özbegistanda, 7 sanysy bolsa Türkmenistanda ýerleşýär.
Beýik Ýüpek ýolunyň Zarafşon — Garagum şahasynyň ugrundaky taryhy ýädygärlikler taryhyň iň möhüm söwda ýollarynyň biri bolan Beýik Ýüpek ýolunyň baý taryhyny we onuň ugrunda ýaşan halklaryň medeni mirasyny öwrenmekde uly ähmiýete eýedir.