«Ahalyň» AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky ilkinji garşydaşy «Al-Feýha» (Saud Arabystany) Aşgabada gelip, oýundan öňki türgenleşigini geçirdi. Bu barada ORIENT habar berýär.
El-Majma şäheriniň topary gonuşdan soň dessine «Aşgabat» stadionyna geldi we türgenleşiklerini türkmen topragynda dowam etdirdi. Bu ýerde olary «Ahal» futbol toparynyň wekilleri myhmansöýerlik bilen garşyladylar.
Şol bir wagtyň özünde myhman toparyň wekili Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň jogapkär işgärleri bilen duşuşygyň geçiriljek stadionyny synladylar. Duşuşyk «Aşgabat» stadionynyň merkezi meýdanynda geçiriler.
«Ahal» — «Al-Feýha» duşuşygynyň 19-njy sentýabrda geçiriljekdigini ýatladýarys. Oýun agşam sagat 21-de başlanar.